Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda PSŽ Lill-den ýeňildi

Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda PSŽ Lill-den ýeňildi

Lill Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda PSŽ-ni ýeňdi. Duşuşyk Tel-Awiwdäki Bloomfild stadionynda geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 45-nji minudynda ýeke-täk pökgini Lilliň portugaliýaly ýarymgoragçysy Şeka tora girizdi.Tomusda Interden Pari Sen Žermene geçen goragçy Aşraf Hakimi we Liwerpuldan geçen ýarymgoragçy Jorjinýo Weýnaldum klubda ilkinji çykyşyny etdiler.

Kluba täze gelen goragçy Serhio Ramos we derwezeban Janluiji Donnarumma, şeýle hem hüjümçiler Neýmar we Kilian Mbappe oýun üçin sanawa girizilmediler.Lill Fransiýanyň Superkubogyny ilkinji gezek aldy.Ondan öň klub kubok ugrundaky oýunlarda iki gezek — 1955 we 2011-nji ýyllarda oýnady.

Klub 2020/21 möwsüminde Fransiýanyň çempionatynda ýeňiş gazanyp, Superkubokda oýnamak hukugyny gazandy.Lill iň soňky gezek 2010/11 möwsüminde fransuz çempionatynda ýeňiji bolupdy.PSŽ Fransiýanyň Superkubogynyň 10 gezek ýeňijisidir, bu rekord görkeziji.

Pariž kluby 2013-2020-nji ýyllar aralygynda kuboklary gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Türkiýe 4 Ýyl Soň Ysraýyla Ilçi Belledi
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer
Mbappeniň 8-nji sekuntdaky goly we PSŽ-niň 7 golly ýeňşi
Super ýyldyz yzly-yzyna 4-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy