Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy Türkmenbaşy şäherinde dowam edýär

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy Türkmenbaşy şäherinde dowam edýär

Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynyň ikinji aýlawynyň jemleýji tapgyry Türkmenbaşy şäherinde 11-nji tapgyryň oýunlary bilen başlandy.

Oýunlar Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sport toplumynda geçirilýär.

Ýurdumyzyň futzal boýunça çempiony diýen ady almak ugrunda sekiz topar: Aşgabat şäherinden Köpetdag, Gümrükçi, Senagatbank we Milli goşun toparlary, Balkan welaýatyndan Deňizçi we Türkmenbaşynyň NGIZT toparlary, Ahal we Daşoguz welaýatlaryndan Ahal bilen Daşoguz toparlary ýaryşarlar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň topary bolsa şu ýylky futzal Superligasyna ilkinji gezek gatnaşýar.

11-nji tapgyry Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony Deňizçiniň Senagatbank topary bilen bolan oýny açdy.Iň soňky minuta çenli garşydaşlar birek-biregiň goragyny böwsüp geçmäge synanyşyk etdiler.Hasap 0:0 bolup, duşuşygyň tamamlanmagyna 10 sekunt galanda, topy burçdan oýna salmagyň öňýany çempionlaryň baş tälimçisi Ýakup Öwezow arakesme aldy, bu-da, olaryň peýdasyna bolup çykdy.

Top oýna standart ýagdaýda girizilende, Maksat Soltanow Senagatbankyň derwezesine ýeňiş topuny geçirdi, şeýlelikde Denizçi toparyna 3 utuk getirdi.

Soňky iki oýun hem çekeleşikli boldy. Onda Ahal topary Milli goşun toparyndan 4:3 hasabynda, TNGIZT bolsa Daşoguz toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ýaryşyň soňky oýnunda wise-çempion Köpetdag geçen ýylky çempionatyň bürünç medalçysy Gümrükçini 7:3 hasabynda utdy.

11-nji tapgyrdan soň 27 utuk toplan Deňizçi we Köpetdag toparlary öňdeligi saklaýarlar. Baýraga ymtylýan üçlügiň iň soňkusy bolan Gümrükçi topary olardan 6 utuk yza galýar.

12-nji tapgyrda Deňizçi Milli goşun, Köpetdag bolsa Senagatbank bilen oýnar. Beýleki oýunlarda Daşoguz topary Gümrükçi topary bilen, Ahal topary bolsa TNGIZT bilen duşuşarlar.

Ýene degişli makalalar

Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy