GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY DIÝLIP ATLANDYRYLAN ÝYLYNDA HASABAT ÝYGNAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölümi 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany diýlip atlandyrylan ýylynda hasabat ýygnagy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany” ýylynda her bir türkmen zenanlarymyzyň jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlarynasyýasy, ykdysady, sosial, medeni ugurlaryna işjeň gatnaşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilen.

Bu ugurlarda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle hem Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär.

Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýänligi barada Arkadag şäheriniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlarymyz ýürek buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen eneleriniň, türkmen zenanlarynyň maşgala bagtyna guwanyp ýaşamaklary ugrunda paýhasly syýasaty bilen uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
GARAŞSYZLYKHALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR
NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY
MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY