Geçen asyryň romantik şahyry

Marina Swetaýewa rus şahyry, kyssaçysy we terjimeçisi.Ol 1892-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa uniwersitetiniň professory Iwan Swetaýewiň maşgalasynda dünýä inýär.Onuň çagalyk ýyllary Moskwada we Kalužsk sebitiniň Tarusa şäherinde geçýär.

Ol 14 ýaşyndaka ejesi ýogalýar, ýedi ýyldan soňra-da kakasyndan mahrum galýar.Marina ilki Moskwadaky hususy gimnaziýada, soňra bolsa Ýewropanyň pansionlarynda okaýar.Alty ýaşyndan goşgy goşup başlan Marina diňe bir rus dilinde däl, eýsem, fransuz we nemes dillerinde hem goşgy düzýär.

Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy Agşamky albom ady bilen 1910-njy ýylda neşir edilýär.Bu ýygyndy öz döwrüniň meşhur şahyrlarynyň nazaryndan sypmaýar. Ýene-de ýyl ýarymdan onuň Jadylaýan fonar atly ýygyndysy peýda bolýar.

Ol 1911-nji ýylda Sergeý Efon bilen maşgala gurýar. Şahyr zenanyň üçünji kitaby Iki kitapdan ady bilen 1913-nji ýylda neşir edilýär.

1917-nji ýylda ýurtda bolan özgerişlikler şahyr zenanyň döredijiligine güýçli täsirini ýetirýär. Swetaýewa şol ýyllar Guw sürüsi atly goşgular ýygyndysynyň üstünde işleýän eken. Ol 1922-nji ýylda gyzy Ariadna bilen Praga gidýär.

1925-nji ýylda olaryň maşgalasy Pariže göçüp barýar. Basym Swetaýewa, käbir sebäplere görä, kitap neşir etdirmegini bes edýär. Ol 1928-nji ýylda Russiýadan soň atly iň soňky ýygyndysyny çap etdirýär.

Ol 1939-njy ýylda watanyna dolanyp gelýär.Ol şahyrana terjimeleri bilen gazanç edip ugraýar.Ikinji jahan urşy başlandan soň, ogly bilen Ýelabuga göçüp gidýär. Şahyr zenan 1941-nji ýylyň 31-nji awgustynda ýalňyzlyga döz gelip bilmän aradan çykýar. Şahyr zenanyň keç ykbaly rus edebiýatynyň taryhynda çuňňur yz galdyrýar.

Häzirki wagtda Marina Swetaýewanyň ömri we döredijiligine bagyşlanan öý muzeýleri Moskwada we ýurduň beýleki şäherlerinde bar.

The post Geçen asyryň romantik şahyry appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Gogolyň Derňewçisiniň ilkinji neşiri satylar
Dünýäniň iň beýik şahyrlary
Nusgawy jaz sazlary we ýaş zehinler: improwizasiýaly çykyşlar
Nikolaý Skorigiň teatry: awangard ýörelgelerinde sahnalaşdyrylan nusgawy eserler
XX asyryň romantik şahyry