Geçen ýyl raketa uçuryşlarynyň sany boýunça rekord goýdy

Geçen ýyl raketa uçuryşlarynyň sany boýunça rekord goýdy

2021-nji ýylda dünýäniň ähli ýurtlary kosmos raketalarynyň 144 uçuşyny amala aşyrdylar, bu hem taryhy rekord boldy. Bu barada Ars Technica portaly habar berýär diýip, Regnum belleýär.

2021-nji ýyldaky uçuryşlar barada resmi statistika heniz neşir edilmedi, portalyň awtorlary kosmos uçuşlaryny yzarlaýan Gunter’s Space Page çeşmesiniň maglumatlaryna salgylandylar.Açyk maglumatlardan gelip çykyşyna görä, 2021-nji ýylda kosmos raketalaryny uçurmaga 144 synanyşyk edildi, olardan 133-si üstünlikli boldy.

Geçen ýylyň görkezijileri umumy uçuryşlaryň sany boýunça, şeýle-de üstünlikli uçuryşlaryň sany boýunça-da taryhy rekordy täzelemäge mümkinçilik berdi.Kosmos uçuşlarynyň umumy sany boýunça öňki rekord 1967-nji ýylda goýlupdy (139 uçuş, olardan 122-si üstünlikli).

Diňe üstünlikli uçuryşlary hasaba alanyňda, 1976-njy ýyl rekordly boldy (131 umumy uçuşdan 125-si üstünlikli). 2021-nji ýylda kosmos enjamlaryny uçurmakda birinji orun Hytaýa degişli boldy (56 uçuş, olardan 53-si üstünlikli).

Ikinji orny ABŞ eýeledi (51 uçuş, 48-si üstünlikli).Kosmos uçuryşlarynyň sany boýunça liderleriň üçlügini Russiýa jemledi (25 uçuş, ählisi üstünlikli).

Ýene degişli makalalar

“Space X”-iň astronawtlary halkara kosmos bekedine bardylar
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
Türkmenistanda doglan kosmonawt türk kosmonawtyny garşy aldy
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi