Geçiren duşuşygyndan goly köp

“G” toparçadaky 2 duşuşyk hem 3-1 hasabynda tamamlandy.Soňky çempion “Mançester Siti” myhmançylykda “Ýang Boýz” bilen duşuşdy.Geçirilen gollaryň 4-si hem 2-nji ýarymda derwezä girdi. 48-nji minutda şweýsariýaly Akanži “Mançester Sitini” öňe saýlasa-da, 4 minutdan soň Elia owadan gol bilen hasaby deňledi. 67-nji minutda penaltiden, 86-njy minutda-da batly urgy bilen 2 gol geçiren Holann toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.

Onuň UÇL-däki gollarynyň sany 33 duşuşykda 37-ä ýetdi.Ol UÇL-de gol geçiren futbolçylaryň umumy sanawynda 20-nji orna beýgeldi.

Germaniýada geçirilen “Leipsig” “Srwena Zwezda” duşuşygynda ýer eýeleri 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Nemes klubunyň gollaryny Raum, Simons hem-de Olmo öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Siti” bilen “Leipsige” 1/8 finala çykmak kyn düşmedi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
16 duşuşyk 48 gol
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
“Milan” we “Benfika” 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär
“Milan” 24 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy