Giň gerimli oňyn özgertmeler rowaçlyklaryň, üstünlikleriň binýadydyr

Giň gerimli oňyn özgertmeler rowaçlyklaryň, üstünlikleriň binýadydyr

Täze taryhy eýýamymyzyň ýurt abadançylygynda, döwlet berkararlygynda, il agzybirliginde kerwen gurap geçýän aý-ýyllary halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň töwereginde mäkäm jebisleşip, milli Liderimiziň eziz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek boýunça taýsyz tagallalaryny goldaýandygyny aýan edýär. Şu maksat bilen, oýlanyşykly içeri we daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu syýasat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk arkaly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Şu syýasatyň, şeýle hem milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň abadançylygy üpjün edilýär, ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Her bir üstünlik täze zähmet ýeňşini gazanmaga höweslendirýär, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler munuň subutnamasydyr.Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň toplumlaryny ösdürmek boýunça golaýda geçiren iş maslahatlarynda, şonuň ýaly-da Hökümetiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar arkaly ýene-de bir gezek göz ýetirdik.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini saklanýar, jemi içerki önüm, jemi öndürilen önüm, haryt dolanyşygy yzygiderli artýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça ösüş gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha bermek bilen, Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy diýip belleýär.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin, Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän işleri, amala aşyrýan oňyn özgertmeleri rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Munuň aýdyň subutnamasy bolan we bu babatda buýsançly söhbede esas döredýän mysallar köp. Milli ykdysadyýetimiziň toplumlarynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, alnyp barylýan işler arkaly hem muňa göz ýetirmek bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň ýangyç gorlaryna baý döwletleriniň biridir. Şonuň üçin milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly işlere hemişe möhüm ähmiýet berýär, pudagyň öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülmegini gazanmak baradaky wezipäni öňde goýýar. Şu maksat bilen, ýangyç-energetika toplumynyň işine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly “mawy ýangyjyň” we nebitiň çykarylýan möçberleri artdyrylýar.

Olaryň gaýtadan işlenilmegi bilen öndürilýän önümleriň möçberleri hem, eksport edilişi hem artýar.

Nebitgaz pudagynda dünýäniň meşhur hem abraýly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy, iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, şeýle hem kuwwatly gazhimiýa senagatyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işine möhüm ähmiýet bermek bilen, bu düzümiň işini döwrebaplaşdyrmagy, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleriň döredilmegini, tebigy gazy gaýtadan işlemegi, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagy, geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmagy, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemegi, nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we beýleki zerur işleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitleýär.

Milli ykdysadyýetimizde oba hojalyk toplumynyň hem aýratyn orny bar. Hut şonuň üçin milli Liderimiz bu toplumy ösdürmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berýär, onuň düşewüntli pudaga öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýär. Döwletimiziň we döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda bu hakynda söz açyp, Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler diýip belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň okgunly ösüşinde ylym-bilim ulgamlaryna hem aýratyn orun degişlidir. Bu ulgamlaryň işini kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalyp, uly ähmiýet berilýär.

Şu ýerde şeýle bir maglumaty getirmegi makul bildik. 2020-nji ýylyň dowamynda kitap önümleriniň 367 görnüşi çykarylypdyr. Şolaryň 156-sy okuw kitaplarydyr. Ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň çäklerinde bilim ulgamynyň hukuk binýady kämilleşdirildi.

Bu iş häzirki wagtda hem alnyp barylýar.Okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň, gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär, okatmagyň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe berlişiniň, ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň derejesi ýokarlanýar.

Gürrüň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň guwandyryjy netijeleri barada barýarka, ýene-de milli Liderimiziň Hökümetiň golaýda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşyna salgylanmagy makul bildik.

Döwlet Baştutanymyz şonda “Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, biz gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlaryny goýduk.Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik” diýip aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köp sanly desgalarda gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ajap eýýamynda içeri we daşary syýasatyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine gurluşyk-senagat, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, medeniýet ulgamynda, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň mysallarynda hem açyk-aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy üpjün edilýär.

Elbetde, rowaçlyklara, üstünliklere beslenýän il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli bu işler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen hem-de gönüden-göni baştutanlygynda amala aşyrylýar. Şonuň üçin halkymyz milli Liderimize tüýs ýürekden buýsanýar.

Goý, ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe gitsin!

Tirkeş MÄMMEDOW,

Mugallymlar gazeti.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20889

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Aşgabat gözelligiň mekany
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
Aşgabatda “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy
Dizaýn — 2022 atly Aşgabat forumy we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergi