Gonsalo Iguain karýerasyny tamamlamagy karar etdi

Gonsalo Iguain karýerasyny tamamlamagy karar etdi

Inter Maýaminiň argentinaly hüjümçisi Gonsalo Iguain MLS (ABŞ-yň we Kanadanyň professional futbol ligasynyň) möwsümi tamamlanda, 34 ýaşynda karýerasyny tamamlaýar diýip, klubuň saýtynda habar berilýär.

Ýokary derejede çykyş edilen 17 ýarym ýylyň içinde Iguain 700 oýunda oýnap, olarda 300-denem kän gezek gol geçirdi.Iguain "Real" bilen birlikde Ispaniýanyň üç gezek çempiony boldy, "Ýuwentus" bilen A Seriýada üç gezek ýeňiş gazandy, şeýle hem "Çelsi" bilen Ýewropanyň Ligasyny utdy (2019 ýyl). 2015/16 möwsümde "Napoliniň" düzüminde oýnan Iguain 36 gezek gol salyp, Italiýanyň çempionatynyň iň oňat bombardiri boldy. Şeýle hem Iguainiň hasabynda Argentinanyň ýygyndysynyň düzüminde oýnalan 75 oýunda salnan 31 gol bar, şonuň bilen ol 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalyna ýetipdi we iki gezek Amerikanyň Kubogynyň finalynda oýnapdy.

MLS-iň yzygider geçirilýän çempionaty 9-njy oktýabrda, pleý-off - 5-nji noýabrda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Messi ýok, ýeňşem ýok
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
“Barselonalylar” Maýamide jemlenýär
Messi Maýamide
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy
AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer