Guardiola Mourinionyň antirekordyny gaýtalady

Ýarym finalda “Real Madridden” utulan “Mançester Siti” toparynyň ispaniýaly tälimçisi Pep Guardiola portugaliýaly kärdeşi Žoze Mourinionyň antirekordyna şärik boldy. Pep Guardiola 6-njy gezek ýarym finalda utuldy. 51 ýaşyndaky tejribeli hünärmen mundan ozal, “Barselona” bilen 2010-njy we 2012-nji ýyllarda, “Bawariýa” bilenem 2014-nji, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllarda ýarym finaldan geçip bilmändi.

Şeýle-de, Pep Guardiola 2-nji gezek 1-nji duşuşykda utup, jogap oýnunda-da utuldy (umumylykda 33 duşuşykda). Ol ilkinji gezek 2017-nji ýylda UÇL-niň 1/8 finalynda “Monakodan” öz meýdançasynda 5-3 üstün çykyp, jogap oýnunda 3-1 utulypdy we ýaryşdan çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Pep we onuň şägirtleri (makala)
Guardiola Fergusondan öňe geçdi
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Mançester Sitiniň” esasy ýyldyzy indiki ýyla çenli meýdança çykyp bilmez
“Arsenal” “Mançester Sitini” ahyry ýeňdi
“Mançester Siti” Guardiolanyň tälimçiliginde ilkinji gezek