Habibiň boşadan çempionlyk guşagy ugrunda Oliweýra bilen Çendler duşuşar

Habibiň boşadan çempionlyk guşagy ugrunda Oliweýra bilen Çendler duşuşar

Russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedow karýerasyny resmi taýdan tamamlady. Netijede UFC-niň ýeňil agramda çempion guşagy boşady. Indi braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Maýkl Çendler Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda çempionynyň erkin tituly üçin söweşerler diýip, sports.ru habar berýär.

Titul söweşi UFC 262 turniriniň esasy wakasynyň çäginde 15-nji maýda Las-Wegasda geçiriler. Belläp geçsek, bu Çendler üçin karýerasynda promouşendäki ikinji söweş bolar. MMA-daky karýerasynyň dowamynda Oliweýra 30 ýeňiş gazandy we sekiz gezek ýeňlişe sezewar boldy. Çendleriň hasabynda 22 ýeňiş we bäş ýeňliş bar.

Ýene degişli makalalar

Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy
Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar
MMA-nyň russiýaly pälwany Nurmagomedow UFC 272-de amerikaly Kelleheri ýeňdi