Halkara deňiz porty we Türkmen Logistika assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

Halkara deňiz porty we Türkmen Logistika assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty we Türkmen Logistika assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. 9-njy fewralda bolan gol çekişlikde hyzmatdaşlygyň düýp gözbaşy taraplaryň ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna hem-de olaryň bilelikdäki işlerini amala aşyrmakdaky aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu barada portuň resmi saýtynda habar berildi.

Logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny, halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmekde möhüm bolan häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, halkara tejribäni öwrenmek üçin halkara bilermenleriň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny we duşuşyklary guramak, şeýle hem logistika hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak, taýýarlamak boýunça okuw kurslaryny hem-de seminarlary geçirmek Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmen Logistika assosiasiýasy hem Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalaryny birleşdirip, 150-den gowrak ulag we logistika kärhanasyny öz içine alýan birleşikdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmen Logistika assosiasiýasy halkara gurama bilen Ähtnama gol çekdi
Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika Hyzmatdaşlygynyň milli utgaşdyryjylarynyň maslahatyna gatnaşdy
Hindistana barýan rus ýük otlusy ýurdumyzyň üstünden geçýär
Rus kagyz önümleri ýüklenen konteýner otlusy Türkmenistandan geçip, Hindistana barar
ПО ТЕРРИТОРИИ ТУРКМЕНИСТАНА ПРОЙДЕТ КОНТЕЙНЕРНЫЙ ПОЕЗД С БУМАЖНОЙ ПРОДУКЦИЕЙ, ОТПРАВЛЕННЫЙ ИЗ РОССИИ В ИНДИЮ