Türkmen Logistika assosiasiýasy halkara gurama bilen Ähtnama gol çekdi

Türkmen Logistika assosiasiýasy halkara gurama bilen Ähtnama gol çekdi

Türkmen Logistika assosiasiýasy we Ýewraziýa transporty boýunça halkara utgaşdyryjy geňeşiň sekretariaty özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Türkmen Logistikanyň habaryna görä, resminama Merkezi we Demirgazyk Aziýada, Hazar sebitinde we umuman Ýewraziýa yklymynda ulag hem-de logistika gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Ähtnama esasy halkara ulag geçelgeleriň we beýleki möhüm halkara ugurlary boýunça serhetaşa transportyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, şeýle hem özara gyzyklanma döretmek, maglumat hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hyzmatdaşlary saýlamakda amaly kömek bermäge mümkinçilik berýär.

Ýanwar aýynda Ýewraziýa transporty boýunça halkara utgaşdyryjy geňeşiň sekretariatynyň wekili Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşdy, onuň çäginde ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Halkara deňiz porty we Türkmen Logistika assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Startup, täjirçilik pikiri we taslamasy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika Hyzmatdaşlygynyň milli utgaşdyryjylarynyň maslahatyna gatnaşdy
Hindistana barýan rus ýük otlusy ýurdumyzyň üstünden geçýär
Rus kagyz önümleri ýüklenen konteýner otlusy Türkmenistandan geçip, Hindistana barar
ПО ТЕРРИТОРИИ ТУРКМЕНИСТАНА ПРОЙДЕТ КОНТЕЙНЕРНЫЙ ПОЕЗД С БУМАЖНОЙ ПРОДУКЦИЕЙ, ОТПРАВЛЕННЫЙ ИЗ РОССИИ В ИНДИЮ