Hatyň awtory bilen habarlaşdy

Awstraliýaly Çarlton Kreggsiň Ýuwaş ummanynyň Bora-Bora adasyndan ugradylan ýazgyly çüýşäni tapandygy we onuň awtoryna jogap ýazandygy barada “United Press International” saýtynda mälim edilýär.Kreggs Nýu-Ýorkuň golaýyndaky Long adasynyň kenarynda aýlanyp ýörkä, ýazgyly çüýşe tapýar.

Onuň içinde hatjagaz we bir amerikan dollary bar eken.Hatda awtor özüni Tom Law diýip tanadypdyr.Kanadaly Tom Law 2016-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Long adasyndan alty müň kilometr uzaklykdaky Bora-Bora adasynda syýahatda bolýar.

Ol hat ýazmagy hem-de ony çüýşä salyp deňze atmagy ýüregine düwýär.Haty tapanyň özi bilen habarlaşmagy üçin hatynda poçta we elektron salgysyny görkezýär. Çüýşe 7 müň kilometr aralygy külterläpdir.

Netijeler köpi haýran galdyrypdyr. Dogrusy, meniň begenjimden ýaňa awtor bilen tizräk habarlaşmaga we oňa tapan hatym barada aýtmaga sabyr-takadym ýetmedi, bu edil filmlerdäki ýaly boldy diýip, Kreggs gürrüň berýär.

Ol tapan kagyz puly bilen hatyny birlikde diwardan asyp goýmaly diýen karara gelýär. Men munuň şeýle bolanyna haýranlar galdym diýip, Law belläp geçýär.Onuň aýtmagyna görä, ol öňlerem çüýşede şeýle ýazgylary ugradyp gören eken, ýöne ilkinji gezek jogap alypdyr.

Ýene degişli makalalar

Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Dünýäniň iň uly tohum ammary
Hytaý öz kosmonawtlaryny Aýa iberer
Budapeştde MTV Europe baýragynyň eýeleri yglan edildi
Lucid Air sedany geçýän ýolunyň uzaklygy boýunça Tesla-nyň rekordyny täzeledi
Hytaý Zhongxing-9B hemrasyny üstünlikli uçurdy
Ford-uň üýtgeşik atyry