Holannyň hepdelik näçe hak aljakdygy mälim edildi

Angliýanyň “Mançester Siti” topary nemes kluby “Borussiýa Dortmundyň” 21 ýaşyndaky norwegiýaly hüjümçisi Erling Holanny transfer edendigini resmi ýagdaýda habar berdi. Şoňa görä, ýyldyz futbolçy 1-nji iýulda “Mançester Sitiniň” düzümine goşular. Şäherliler oýunçynyň transferi üçin dortmundlylara 75 million ýewro berer.

Holann täze klubundan hepdelik 350 million funt sterling hak alar.Oýunçynyň menejerine-de 50 million ýewro berler.Umumylykda Holannyň ähli çykdajysy “Mançester Siti” üçin 200-250 million ýewro möçberinde bolar.

Holann “Mançester Siti” bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişer.

2020-nji ýylyň ýanwarynda “Red Bull Salsburgdan” 25 million ýewro “Borussiýa Dortmunda” geçen Holann bu ýerde 88 oýunda 85 gol geçirdi (23 asist).

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
16 duşuşyk 48 gol
“Barselona” ýyldyz oýunçyny düzümine goşdy
“Borussiýa Dortmundyň” täze transferi
29 ýyldan soň UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da italýan klublary finalda
Goal Çempionlar ligasynda çempion bolup biljek toparlaryň reýtingini düzdi
Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegleriň möçberi üýtgedildi, Aşgabat bilen Pekin ulag we ylmy-tehniki ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, Russiýanyň kofe dükany Türkmenistanda sarp edijileriň islegini öwrenýär we beýleki habarlar