Hytaýyň syýahatçylyk kompaniýasy Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramagy teklip etdi

Hytaýyň syýahatçylyk kompaniýasy Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramagy teklip etdi

Hytaýyň Hainan Weidu International Travel Co. Ltd kompaniýasynyň wekili Rawil Rizaýew Türkmenistana eden sapary wagtynda gyzyklanýan ýerli bölümlere Aşgabatdan Sanýa şäherine (Hytaýyň Haýnan adasy) uçuşlary guramak taslamasyna garamagy teklip etdi.

Нейтральный Туркменистан gazetinde berilýän habara görä, wekil Haýnan mekanynyň Hytaý hökümeti tarapyndan her uçuş üçin, takmynan, 130 müň dollar subsidiýasy bilen goldanýandygyny aýtdy. Bu bolsa Türkmenistanyň we Hytaýyň raýatlary üçin ikitaraplaýyn amatly uçuş şertlerini döreder.

Haýnan kurort adasy ösen syýahatçylyk infrastrukturasy, Hytaý tropiki ýerleriniň tebigatynyň dürlüligi, arassa deňiz suwy, hytaý adaty lukmançylygy we beýlekiler bilen tapawutlanýar.

Ýene degişli makalalar

15-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan we Hytaý syýahatçylygy ösdürmek, Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Pandemiýadan has uly zyýan çeken ýurtlar belli edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat