Ilkinji dükanyny açdy

Apple kompaniýasy Hindistanyň iň köp ilatly şäheri bolan Mumbaýda ilkinji dükanyny açdy. Apple BKC atly dükanyň açylyşyna kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk hem gatnaşdy. Şu gün bolsa ýurduň paýtagty Delide hem bir dükan açylar. Häzirki wagtda bu ýurtda Apple harytlaryny internet arkaly ýa-da beýleki ygtyýarly dükanlaryň üsti bilen satyn alyp bolýar.

Apple-iň Hytaý, Taýwan, Wýetnam bilen bir hatarda Hindistanda hem önümçilik kärhanasy bar. Kompaniýa bu ýurtdaky önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär.

Apple-iň iň köp haryt satýan bazary Hytaý hasaplanýar. Bilermenler kompaniýanyň Hytaýda bolşy ýaly, Hindistanda hem satuwyny we önümçiligini birwagtda artdyrmak isleýändiklerini belleýärler.

Bäşim BÄŞIMOW,

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan Mumbaýda Çabahar portuny ösdürmek boýunça duşuşyga gatnaşýar
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar
Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär
Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi
Hindistanyň günbatarynda 140-a golaý adam güýçli ýagynyň pidasy boldy