iPhone üçin köp mümkinçiligi bolan täzelenme çykaryldy

iPhone üçin köp mümkinçiligi bolan täzelenme çykaryldy

Apple kompaniýasy mobil platformalary üçin özüniň nobatdaky täzelenmesini hödürledi. iOS 15.5 hem-de iPadOS 15.5 täzlelenmesi 2021-nji ýylyň sentýabryndan bäri çykarylýan giň mümkinçilikli täzelenmeleriň bäşinjisidir diýip, ixbt.com saýty ýazýar. Bu täzelenmede diňe bir ozalky goýberilen ýalňyşlyklaryň öňi alynman, eýsem onuň işleýşiniň durnuklylygy we howpsuzlygy hem ýokarlandyryldy.

Täzelenme birnäçe täze funksiýalaryň döredilmegini, şol sanda iPhone ýa-da iPad-da ýatda saklanan podkastlaryň sanyny çäklendirmek we olary awtomatik usulda bozup aýyrmak funksiýasynyň açylandygyny bellemek bolar. Şeýle-de Wallet ykjam goşundysynda Apple Cash kartyňyzdan pul ibermek hem-de pul almak mümkinçiligi ýola goýuldy.

Nobatdaky iOS 15.5 hem-de iPadOS 15.5 täzlelenmesi tölegsiz bolup, ol sazlamalaryň hatarynda elýeterlidir (Esasylar > Programma üpjünçiligini täzelemek).

Çeşmede bellenilişi ýaly, iOS 16 we iPadOS 16 täzelenmesi bolsa 6-njy iýunda tanyşdyrylar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Barselona 1-0, Real Madrid 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy
ABŞ-daky tüweleýde bir adam ýogaldy
Altyň biri aşaky liga düşer
Diňe guşlar uçýarmy?!
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Çempionatyň üçden bir bölegi tamamlandy, ýöne entegem ýeňşi ýok