Koronawirus zerarly Çempionlar ligasynyň üçünji duşuşygy başga şäherde geçiriler

Koronawirus zerarly Çempionlar ligasynyň üçünji duşuşygy başga şäherde geçiriler

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň Atletiko bilen Çelsi klublarynyň arasyndaky birinji duşuşygyny Madridden Buharest şäherine geçirdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Atletiko — Çelsi duşuşygy 23-nji fewrala meýilleşdirildi.Jogap oýny 17-nji martda Londonda geçirilmeli.Mundan öň, UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň iňlis klublary gatnaşýan iki duşuşygyny başga şähere geçiripdi. 16-njy fewrala meýilleşdirilen Leýpsig — Liwerpul duşuşygy Budapeştde geçiriler. Şeýle hem 24-nji fewralda Wengriýanyň paýtagtynda Mönhengladbahyň Borussiýasy Mançester Siti bilen duşuşar.

UEFA-nyň düzgünlerine laýyklykda, bu hili ýagdaýda Borussiýa, Leýpsig we Atletiko duşuşygy geçirmegiň mümkin bolan başga bir ýoluny teklip etmeli.Eger şeýle edilmese, onda ol klublara 0:3 hasabynda tehniki ýeňliş yglan edilmeli.

Ýene degişli makalalar

“Bundesligadan” “Premier Liga” transfer boldy
Çempionlar ligasy: Real we Mançester Siti çärýek finalda
Çempionlyga garaşýan çempionlar
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Çempionlyga 2 ýeňiş galdy
Möwsümiň taryhy ýeňişleri
Uzaga çeken çempionlyk arzuwlary