“LA Leýkers” çempionlyga bir ädim golaýlady

NBA-da finalyň 4-nji duşuşygynda şu gün oýnaldy. Çekeleşikli geçen oýunda

“LA Leýkers” topary “Maýami Hiti” 102:96 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, umumy hasapda 3-1 öňe

saýlanan “LA Leýkers çempionlyga bir ädim golaýlady. Duşuşykda LeBron Jeýms 28 utuk geçirip, toparynyň ýeňiş gazanmagynda

uly rol oýnady. “LA Leýkers” bilen “Maýami Hit” toparlarynyň arasyndaky 5-nji duşuşyk 10-njy oktýabrda oýnalar.

06:00-da başlanjak oýunda Los anjelesliler ýeňiş gazanan ýagdaýynda 10 ýyldan soň, 17-nji çempionlygyny yglan

eder.

Ýene degişli makalalar

Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 29-njy aprel)
Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
Sportuň taryhynda şu gün 19-njy noýabr
NBA-nyň 75-nji möwsümi başlaýar
Çempion ýeňliş bilen başlady