Lissabon Ýewropanyň innowasiýa paýtagty hökmünde saýlandy 

Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2023-nji ýylda Ýewropanyň innowasiýa paýtagty hökmünde sylaglandy. Bu baýrak Ýewropa Komissiýasy tarapyndan her ýylda berilýär. Lissabonyň häkimi Karlos Moedasyň pikiriçe, bu baýrak şäherde bitirilen işleriň ykrar edilmegidir.

-Biziň şäherimiz Ýewropanyň innowasiýa paýtagty hökmünde saýlandy. Ýewropa Komissiýasy ýaňy-ýakynda dünýäniň iň uly innowasiýa üçin berilýän baýragyny mälim etdi. Ol Lissabon! Biz bu baýragy iki ýylyň dowamynda bitiren ajaýyp işlerimiz sebäpli aldyk. Indi bolsa bizi bir million ýewro baýrak bilen sylaglaýarlar – diýip, Karlos Moedas jemgyýetçilik ulgamy X-de (öňki Twitter) goýlan wideo habarynda aýtdy.

Şäher häkimliginiň habaryna görä, Lissabon 2021-2022-nji ýyllarda umumy girdejisi 1 milliard dollar bolan 54-den gowrak tehnologiýa kompaniýasyny we 12 sany startap kompaniýany özüne çekdi.

Karlos Moedasyň pikiriçe, bir million ýewro baýragy adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen innowasiýany ornaşdyrmaga gönükdiriler.

Ýewropanyň innowasiýa paýtagty baýragynyň çäginde Warşawa ikinji, Lwow (Ukraina) üçünji orny eýeledi. Ýewropanyň innowasiýa paýtagty baýragy 2014-nji ýylda döredilip, her ýyl Ýewropanyň innowasiýa geňeşi tarapyndan berilýär. Onuň maksady ýerli derejede innowasiýany üstünlikli ornaşdyran we beýlekiler üçin görelde bolup durýan şäherleri sylaglamakdyr.

Ýene degişli makalalar

Italiýadan soň Braziliýa (Dünýä Kubogy 1962)
Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek meýilleşdirilýär
Dynç almak üçin iň arzan şäherler
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler
Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi