Mähirli gutlaglar

Mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaýa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Albaniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Baýram Begaýa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Albaniýanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

***

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula hem-de ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Katerina Sakellaropula tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Albaniýanyň ýygyndysy EURO 2024-e adyny ýazdyrdy
2024-nji ýylda syýahat edilmeli iň gowy ýerler
Türkmenistanda gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça sebitleýin okuw geçirilýär
Albaniýa Ýewropanyň esasy nebit üpjünçisi bolmaga bil baglaýar
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny