“Mançester Siti” 2-nji tapgyra çykdy

UEFA Çempionlar Ligasynda “G” toparçadaky 2 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy. “Kopengagen” öz meýdançasynda “Mançester Siti” bilen duşuşdy. 30-njy minutda 1 oýunçy (Serhio Gomez) kem galan “Mançester Siti” topary birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Şolaryň biri penalti urgusy bolup, 25-nji minutda Riýad Mahreziň penaltisini derwezeçi sowmagy başardy. “Kopengagen” toparynyň Çempionlar Ligasynda öz meýdançasynda geçiren bassyr 4-nji duşuşygy 0-0 tamamlandy.

Bu deňlik “Mançester Siti” toparyna 1/8 finala çykmak üçin ýeterlik boldy.Pep Guardiolanyň şägirtleri bassyr 12-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda yzly-yzyna 10-njy gezek 2-nji tapgyrda çykyş ederler.

Duşuşykda Erling Holann meýdança çykmady.

Toparçadaky beýleki duşuşykda “Borussiýa Dortmund” bilen “Sewilýa” hem utuklary paýlaşdylar. Tälimçisini çalşan ispan kluby 18-nji minutda Nianzu bilen öňe saýlandy. Nemes topary 35-nji minutda Bellingamyň goly bilen jogap berdi. Duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanyp, “Sewilýa” 2-nji tapgyra çykmak üçin göreşini dowam etdirer.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi
Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi
ÝÇL-iň 1/8 final tapgyryndan orun alan Leýpsig — Mançester Siti oýny deňlikde tamamlandy
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi