“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Holand het-trikleriniň sany boýunça Ronaldu bilen deňleşdi

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Holand het-trikleriniň sany boýunça Ronaldu bilen deňleşdi

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand het-trikleri amala aşyrmagyň tizligi boýunça “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy Kriştianu Ronaldunyň üstünliginden öňe geçdi. Bu barada BR Football habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Norwegiýaly futbolçy Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) sekiz oýnunda üç het-trik etdi. Şeýle het-trikleri ýerine ýetirmek üçin portugaliýaly hüjümçä bolsa APL-de 232 oýun gerek boldy. Ýatlap geçsek, “Mançester Siti” “Mançester Ýunaýtedi” 6:3 hasabynda utdy. “Man Sitiniň” düzüminde Erling Holand bilen Fil Foden het-trik amala aşyrdy. “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde bolsa Antoni Marsýal iki gol geçirdi, ýene bir goly öz hasabyna Antoni ýazdy. “Siti” 20 utuk gazanyp, sekiz tapgyrdan soň APL-iň turnir jedwelinde ikinji orny eýeleýär.

Indiki tapgyrda ol öýünde “Sautgempton” bilen oýnar.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Arsenal” “Mançester Sitini” ahyry ýeňdi
8 goly 8 futbolçy geçirdi
Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy
Mançester Siti APL-den rekord derejede girdeji aldy
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar