Marokkoly daýhanlar guraklygyň we howanyň üýtgemeginiň netijeleri bilen göreşýär

Marokkoly daýhanlar guraklygyň we howanyň üýtgemeginiň netijeleri bilen göreşýär

Afrikada bugdaýy öndüriji we eksport ediji iri ýurt bolan Marokkonyň daýhanlary uzaga çeken guraklygyň hem-de howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreşýärler diýip, Breaking News Network (BNN) neşirine salgylanýan Belta.by saýty ýazýar.

Habara görä, sebitde guraklyk uzaga çekdi, ýanwar-fewral aralygyndaky ýagynlar möwsüminde ygalyň möçberi ortaça derejeden 55 göterim pes boldy, netijede, ekin meýdanlary gurap, meýdan işleri üçin ýaramsyz boldy.

Ýurtda eýýäm hasylyň 53 göterim peselendigi hasaba alyndy. Bu ýetmezçilik Marokkony, Tunisi we Alžiri bugdaýyň importyny güýçli artdyrmaga mejbur etdi.

Ýerli puluň ýeterlik hümmetine garamazdan, azyk harytlary 18 göterim gymmatlady.

Sebitiň häkimiýetleri azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çäreleri görýärler. Şeýle hem ilatyň oba hojalygyna garaşly gatlaklaryny goşmaça goldamak üçin mümkinçilikleri öwrenýärler diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy