Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi

Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi

Amerikaly işewür Ilon Mask dünýäniň iň baý 500 adamynyň sanawynyň başyny 234 milliard dollarlyk maliýe emlägi bilen çekdi diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan Belta.by ýazýar.

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Maskyň emlägi 96,6 milliard dollar köpelipdir.

Sanawda ikinji orunda Fransiýanyň gymmatbaha kaşaňlyklary öndüriji LVMH (LVMH Moet Hennessy - Louis Vuitton) kompaniýasynyň başlygy Bernar Arno 200 milliard dollarlyk maliýe emlägi bilen ýerleşdi, ol birinji ýarym ýylda maliýesini 38,2 mlrd dollar artdyrypdyr.

Dünýäniň iň baý 500 adamynyň jemi emlägi birinji ýarym ýylda 852 mlrd dollar artypdyr.

Ýene degişli makalalar

Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy