Meksikada başga planetalylaryň galyndylary bilen tanyşdyryldy

Meksikada başga planetalylaryň galyndylary bilen tanyşdyryldy

Meksikanyň Parlamentiniň näbelli uçýan obýektlere bagyşlanan mejlisleriniň birinde başga planetalylaryň mumyýa edilen galyndylary görkezildi diýip, Rambler.ru habar berdi.

Hünärmenler galyndylary Perudaky Naska şäherinden tapypdyrlar, gazuw-agtaryşlar wagtynda daşa dönen suwotularyň gatlagynda olaryň üstünden barlypdyr. Ol ýerde 14 başga planetalynyň galyndylary ele salnypdyr, olar beden gurluşy babatda adamlary ýatladýarlar.

Başga planetalylaryň iki eli, jübüt gözi we kellesi bolupdyr. Emma olar üç barmakly we boýnunyň ýeňse tarapy uzyn.

Radiouglerod barlaglary galyndylaryň müň ýaşlydygyny anyklady, molekulýar barlaglara görä, olar zeminden däl-de, başga planetaly bolmaly diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar
Rus kosmonawtlar 8 sagat açyk kosmosda boldular
Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar
Kosmos uçarynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy
371 günden soň kosmosdan gaýdyp geldi
Kosmosda iň uzak galan amerikan astronawty rekordy täzelendi