Meksikada Otis tupany sebäpli 50-den gowrak adam ýogaldy

Meksikada Otis tupany sebäpli 50-den gowrak adam ýogaldy

Tupanyň şäheri terk etmeginden soň köçeler mebeller, öý goşlary we zyňyndy torbalar bilen dolmagy sebäpli, sebitiň halky erbet ys bilen birlikde epidemiýa howpuna garşy hem göreş alyp barýar.

Hökümet tarapyndan berilen beýanatda, Akapulko şäheriniň arassalanmagyna kömek bermek üçin müňlerçe esgere görkezme berilendigi habar berildi.

Üýşen zir zibiliň epidemiýa kesellerine sebäp bolup biljekdigi aladasy sebäpli resmilerden kömek soran sebitiň halky, zir-zibilleriň we zyňyndylaryň iň gysga wagtda arassalanmagyny isleýärler.

Takmynan 900 müň adama täsir ýetiren Otis tupanynda 50-den gowrak adam ýogaldy, uly mukdarda zyýan çekildi.

Ýurduň Döwlet baştutanty keselleriň öňüni almak üçin şäheriň dezinfeksiýa ediljekdigini we zir-zibilleriň iň gysga wagtda aýryljakdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Deňizasty Gämisi Ýakyn Gündogarda
Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Britaniýada Saglygy Goraýyş Işgärleri Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi
Fransiýa, Gaza Dikuçar Gämisini Ugratdy
Hakan Fidan, Londonda we Parižde Saparda Bolar
Ysraýyl bilen Hamas 5-nji gezek ýesir alyş-çalyş tapgyryny amala aşyrdy