“Merw” AFK Kubogynyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy

Aziýa klublarynyň arasyndaky 2-nji derejeli ýaryş bolan AFK Kubogynda saýlama tapgyrynda Marynyň “Merw” topary ýeňiş gazandy.Maryda geçirilen duşuşykda “Merw” topary Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda “Merw” 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Merw” toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 13-nji minutda Musa Nazarow öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda “Merw” topary 17 ýyldan soň çykyş edýän ýaryşynda pleý-off tapgyryna çykdy.

Ildeşlerimiz pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň çempionatyny 3-nji orunda tamamlan “Hujand” topary bilen myhmançylykda duşuşar.Duşuşyk 22-nji awgustda Hujand şäherindäki “Garaşsyzlygyň” 20 ýyllygy stadionynda oýnalar. “Merw” bu duşuşykda ýeňiş gazanan ýagdaýynda ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar. “Merw” topary toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazansa, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr”, Täjigistanyň “Rawşan” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” toparlary bilen Merkezi Aziýa sebitiniň toparçasyna düşer.

AFK-nyň Kubogy-2023/24-iň Merkezi Aziýa sebitindäki toparçalaýyn bäsleşigi şu ýylyň 20-nji sentýabry bilen 14-nji dekabry aralygynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Merwiň Hujanda garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
Türkmenistanyň futbol toparlary AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen 21-nji duşuşygyny geçirdiler
Merw myhmançylykda Hujandy ýeňip, AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy
“Merw” AFK Kubogynda toparçalarda çykyş eder
Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer