Türkmenistanyň futbol toparlary AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen 21-nji duşuşygyny geçirdiler

Türkmenistanyň futbol toparlary AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen 21-nji duşuşygyny geçirdiler

Düýn Hujand şäherinde geçirilen duşuşykdan soň Türkmenistanyň futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen geçiren duşuşyklarynyň sany 21-e çykdy.

Türkmenistana wekilçilik edýän toparlar şol duşuşyklaryň 9-syny Hujand bilen geçirdiler. Bu duşuşyklaryň agramly böleginiň türkmen toparlarynyň ýeňşi bilen tamamlandygyny aýtmak gerek.

Täjigistanyň Istiklol, Hujand, Rawşan we SSKA-Pamir toparlary dürli ýyllarda Türkmenistanyň Altyn asyr, Ahal, Köpetdag, Nebitçi ýaly toparlarynyň garşydaşlary boldular.

Täjik toparlary AFK-nyň kubogynda türkmen toparlary bilen iň kän duşuşanlaryň hataryndadyr. Türkmenistanyň wekilleri yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 22, Täjigistanyň toparlary bilen 21 duşuşyk geçirdiler.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda hem bu iki döwletiň hersinden bir wekil bar. Diýmek, 20-nji sentýabrdan 14-nji dekabra çenli aralykda Altyn asyr we Merw Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň toparlary bilen ýene dört duşuşyk geçirerler.

Şu ýyl AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna Gyrgyzystandan Abdyş-Ata, Täjigistandan Rawşan toparlary gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Muhadowyň gatnaşmadyk duşuşygynda SSKA nobatdaky ýeňşini gazandy
Merwiň Hujanda garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
“Merw” AFK Kubogynyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
Merw myhmançylykda Hujandy ýeňip, AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy
Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer