Messi mekgejöwen meýdanynda

Katarda Dünýä Kubogyny gazanan Argentinanyň super ýyldyzy Lionel Messä bolan söýginiň, janköýerligiň çägi ýok.

Argentinanyň Kordoba welaýatynyň Los Kondores sebitinde daýhanlaryň biri mekgejöwen meýdanyna Messiniň portretini çekmegi başardy.Maksimiliano Spinazze atly daýhan: 1 Men Messiniň ölemen janköýeri.Indi olar Dünýä çempiony.

Menem şeýle etmek bilen öz hormatymy, söýgimi beýan etmek isledim diýip, beýanat berdi. Ýörite geokodlamak tehnologiýasy arkaly 50 gektarlyk ýeriň bir bölegine çekilen surata ýokarda seredilende Messiniň portretini görmek bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-german forumy
Hakberdi Jumaýew dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medala mynasyp boldy
Türkmen dzýudoçylar Ýewropada 2 altyn medal gazandy
Emeli aňa Wawilon ýazgylaryny okamagy öwretdiler
Uçarda dünýä indi
“Real”“Ýunaýted” 11-nji gezek