Meýwezer boks boýunça görkezme söweşinde MMA-nyň ýaponiýaly wekilini nokaut bilen ýeňdi

Meýwezer boks boýunça görkezme söweşinde MMA-nyň ýaponiýaly wekilini nokaut bilen ýeňdi

Boks boýunça bäş agram kategoriýasynda dünýäniň öňki çempiony, amerikaly Floýd Meýwezer - kiçi ýekşenbe güni boksuň düzgünleri boýunça geçýän üç raundly görkezme başa-baş göreşinde garyşyk göreşiň (MMA) ýaponiýaly pälwany Mikura Asakurany ýeňdi. Göreş Saýtamada (Ýaponiýa) geçdi.

Amerikaly türgen ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy.Ondan öň eks-boksçy üç görkezme tutluşygyny - ýaponiýaly kikboksçy Tenşina Nasukawa garşy (2018 ý.), amerikaly blogeri Logan Pola garşy (2020 ý.) we srapping-ýoldaşy Don Mura garşy (2022 ý.) geçirdi.

Tutluşyklaryň üçüsem Meýwezeriň ýeňmegi bilen tamamlandy.Meýwezer 45 ýaşynda, professional boksda onuň hasabynda 50 ýeňiş (27-si nokaut bilen) bar we ýeke ýeňlişem ýok.Ol bäş agram kategoriýasynda dünýäniň çempiony we 1996-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi bolupdy.

Meýwezer - müşderileri boksçylar we garyşyk görnüşiň pälwanlary bolan promouter kompaniýasynyň eýesi.Ol professional karýerasyny 2017-nji ýylda tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Taryhy duşuşyk üçin özboluşly guşak
Taryhy duşuşyk
Sport habarlary
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
MakGregor karýerasyny tamamlady
Guşaklaryny yzyna aldy