Milan Fonsekany baş tälimçilige belledi

Milan Fonsekany baş tälimçilige belledi

Italiýanyň Milan futbol kluby Paulu Fonsekanyň toparyň baş tälimçiligine bellenildendigini mälim etdi.

51 ýaşly portugaliýaly hünärmen rossoneriler bilen üç ýyllyk şertnama gol çekişdi.

Maglumat üçin, Fonsekadan ozal Milana Stefano Pioli (2019-njy ýyldan bäri) tälim berýärdi. Topar onuň golastynda 2022-nji ýylda A seriýanyň çempiony boldy.

Fonseka Milandan öň Roma, Şahtýor, Braga hem-de Lill (soňky iş ýeri) toparlaryny türgenleşdirdi.

Ýene degişli makalalar

Garaşylmadyk topar ýeňlişsiz öňde barýar
16 duşuşyk 48 gol
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Ýewropa ligasynyň çärýek finalyna gatnaşjak klublar belli boldy
Ýewropa ligasynda çärýek finalçylar belli boldy