Ýewropa ligasynda çärýek finalçylar belli boldy

Ýewropa ligasynda çärýek finalçylar belli boldy

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynda üstünlik gazanyp, ýaryşy dowam etdirjek toparlar belli boldy. Olar Leýpsig, Atalanta, Reýnjers, Braga, Barselona, Aýntraht, West Hem we Lion toparlarydyr.

Ýaryşda çärýek finalyň bijeleri 18-nji martda Nýon şäherinde (Şweýsariýa) çekiler. Bije çekişlik Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlar.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 7-nji aprelde, jogap oýunlary 14-nji aprelde geçiriler.

Ýaryşyň final duşuşygyny 18-nji maýda Sewilýa şäherindäki Ramon Sançes Pishuan stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýewropa ligasynyň häzirki çempiony Ispaniýanyň Wilýarrealydyr.

Ýene degişli makalalar

Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Garaşylmadyk topar ýeňlişsiz öňde barýar
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Öňünden çykany ýeňýär
Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije