Miweçil balyk

Amazon tokaýy Günorta Amerikanyň Amazon basseýniniň köp bölegini öz içine alýan Amazon biomynda ýerleşýän çygly, giň tropiki tokaýdyr. Şolardan 5 million 500 müň inedördül kilometri tokaýlyk bilen örtülendir.

Bu sebit dokuz ýurda degişli we resmi taýdan ykrar edilen 3 müň 344 kilometr meýdany öz içine alýar.Tokaýyň 60 göterimi Braziliýada, 13 göterimi Peruda, 10 göterimi Kolumbiýada we galan bölegi Boliwiýa, Ekwador, Fransiýa Gwianasy, Gaýana, Surinam we Wenesuela ýaly ýurtlarda ýerleşýär.

Amazon planetanyň ýagyş tokaýlarynyň ýarysyndan gowragyny emele getirýär.

Bu ýerde, takmynan, 390 milliard görnüşli ösümlik ýetişýär. Ýeri gelende bellesek, bu ýerde resmi taýdan ykrar edilen 350 dürli etnik toparlardan ybarat 30 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Ýerli halklar umumy ilatyň 9 göterimini emele getirýär.

Bu jeňňelde Ýer ýüzünde belli ösümlikleriň 40 müň, balyklaryň 3 müň we süýrenijileriň 370-den gowrak görnüşi bar.Bu ýerde täsin jandarlara hem duşmak mümkin. Şeýle jandarlaryň biri Amazon tokaýlygynda süýji suw balygy hasaplanýan piraputanga balygydyr.

Piranha maşgalasyna degişli bolan bu balyk suw ýyrtyjysy hökmünde tanalýar.Bedeniniň uzynlygy, takmynan, 15 santimetre, agramy 3,9 kilograma barabardyr. Ýiti dişli bu balygyň eňegi güýçli myşsalar bilen hereket edýär.

Balygyň maýmynlardan öwrenen bir endigi bar.Maýmynlaryň suwuň kenarynda ösüp ýetişýän miweli ýabany agajyň bir şahasyndan beýleki şahasyna böküp iýmitlenýändigini synlaýan piraputanga balygy olar gideninden soňra aşak sallanýan şahalara tarap, takmynan, 20-30 santimetr bökýär we agajyň miweleri bilen iýmitlenýär.

Bu bolsa onuň Ýer ýüzünde ýeke-täk ýerüsti ir-iýmişler bilen iýmitlenýän uzak aralyga bökmäge ukyply balykdygyny görkezýär.nyň ýerüsti aw potensialy suwuň aýdyňlygyna baglydyr.Ol suw näçe arassa bolsa, şonça-da iýmiti takyk görýär.

Piraputanga balyklaryny tutmak gaty kyn.Eti tagamly we iýmit hökmünde howpsuz hasaplanýan bu balyk bişirilende reňki birneme gyzyla öwrülýär.Piraputanga balyklary häzirki wagtda ýörite hünärmenler tarapyndan goralyp, köpeldilýär.

Ýene degişli makalalar

Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Kolumbiýa UNASUR guramasynyň düzümine ýaňadandan goşular
Sowuklama bilen kesellemegiň dürli ýurtlara näçä durýandygyny hasaplandy
Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi
Halypa-şägirt mekdebi
Silwester Stallone - alty onýyllykda filmleri kassa ýygymynyň öňüni çeken ilkinji aktýor