Mourinýo garaşýan klubyndan çakylyk gelse, Roma bilen hoşlaşmaga taýýar

Mourinýo garaşýan klubyndan çakylyk gelse, Roma bilen hoşlaşmaga taýýar

Romanyň baş tälimçisi Žoze Mourinýo iki möwsümiň aralygynda Rim klubyny terk etmekçi.

L’Équipe neşiriniň habaryna görä, portugaliýaly tälimçi PSŽ-den telklibe garaşýar. Pariž klubynyň hojaýyny Nasyr Al-Helaýfi we sport direktory Luiş Kampuş geljek tomusda baş tälimçi Kristof Galtýe bilen hoşlaşmagy meýilleşdirýärler. Habarlara görä, ol Mourinýo bilen gyzyklanýarlar. Portugaliýaly tälimçi bu habarlardan soň Fransiýanyň klubyndan çakylyga garaşyp başlady.

Ýöne öňräk geçirilen metbugat maslahatynda ol PSŽ-den hiç kimiň özüne teklip bilen çykmandygyny aýdypdy.

Geçen ýyl Roma bilen Konferensiýalar ligasynda ýeňiş gazanan Mourinýonyň bu möwsümde Ýewropa ligasynyň finalyna çykandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýa we Portugaliýa DÇ 2030 üçin stadionlary bellediler
Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi
ÝB Russiýa Garşy Sanksiýa Bukjasyny Tassyklady
Russiýa Bilelikdäki Jarnamany “Günbataryň Üstünlik Pelsepesine Öwgi” Diýip Häsýetlendirdi