Russiýa Bilelikdäki Jarnamany “Günbataryň Üstünlik Pelsepesine Öwgi” Diýip Häsýetlendirdi

Russiýa Bilelikdäki Jarnamany “Günbataryň Üstünlik Pelsepesine Öwgi” Diýip Häsýetlendirdi

Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekrtary MAriýa Zaharowa beren ýazmaça beýannamasynda NATO bilen Ýewropa bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň nobatdaky derejä göterilmegi, Russiýa we Hytaýa garşy hyzmatdaşlygyň ösdürülmegi, Ukraina goldawyň dowam etmegi maksady bilen bilelikde jarnama çap etmegine reaksiýa bildirdi.

Global taýdan ÝB-niň NATO bilen täze hyzmatdaşlyk derejesine tarap barýandygyny beýan eden Zaharowa, şeýlelikde ÝB-niň Hytaý bilen geosoýasy bäsdeşlige çekilýändigini nygtady.

Mariýa Zaharowa; “Bilelikdäki jarnama soňky döwürde günbataryň üstünlik pelsepesine düzülen başga bir öwgi” diýdi.

NATO-nuň we ÝB-niň öz raýatlary üçin ähli syýasy, ykdysady we harby serişdelerden peýdalanjakdygyny aç-açan beýan edendigine ünsi çeken Zaharowa, günbataryň dünýäniň galan bölegine şol serişdeler arkaly gaýtadan şekillendirilmeli duşman giňişlik hökmünde kabul edýändigini beýan etdi.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlykdan jogapkär Ýokary wekili Žozep Borrelliň ÝB-ni gül bagy we töweregindäki dünýäni bolsa şol baga tarap barýan tokaýa meňzedendigini ýatladan Zaharowa, hakykat ýüzünde Ýewropa şol “tokaýyň wehim salmaýandygyny, ýeke blokly dünýa döretmäge çalyşýan ÝB-niň we NATO-nyň günäkärdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek Owganystan boýunça Moskwa formatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar
Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi
Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Russiýa Fransiýa Reaksiýa Bildirdi