Nyýazowyň 'çal kardinaly' türkmen türmesinde on ýyl oturandan soň aradan çykdy

Nyýazowyň 'çal kardinaly' türkmen türmesinde on ýyl oturandan soň aradan çykdy

Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Akmyrat Rejebow türkmen türmesinde aradan çykdy.

Moskwadaky “Memorial” merkeziniň maglumatyna görä, Akmyrat Rejebow 2017-nji ýylyň 10-njy awgustynda aradan çykdy we merhumyň jesedi şol günüň özünde Aşgabatdaky garyndaşlaryna berildi. Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Akmyrat Rejebowyň ýas çäreleri 17-nji awgustda, Lebap welaýatynda geçirilýär.

Resmiler Rejebowyň garyndaşlaryna onuň ölüminiň sebäbiniň tromboz (damarda ganyň lokgalanmagy) bolandygyny aýdylypdyrlar.

Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziniň eksperti Witaliý Ponamarýowyň ýazmagyna görä, Akmyrat Rejebow 1985-nji ýyldan başlap respublikanyň ýolbaşçysynyň şahsy goragyna, janpenalaryna baştutanlyk edýär.

Bu gulluk 1992-nji ýylda Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugy hökmünde täzeden gurulýar.

“Gündogar” habar saýty Rejebowyň 1985-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlygyna jogap berýän bölümine ýolbaşçylyk edendigini belleýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu bölüm soňra Türkmenistanyň MHK-nyň düzüminden çykarylýar we Türkmensitanyň prezidentiniň howpsuzlygy gullugyna öwrülýär, onuň ilkinji başlygy-da A.Rejebow bolýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň dekabrynda aradan çykandan soň, hukuk goraýjy Witaliý Ponamarýowyň ýazmagyna görä, Rejebow häkimiýetiň Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa geçirilmeginde esasy rol oýnan adam bolýar.

Emma muňa garamazdan, general-leýtenant Rejebow 2007-nji ýylyň 15-nji maýynda prezident Berdimuhamedowyň karary bilen, “başga işe geçýändigi sebäpli” diýlip, wezipesinden boşadylýar we şol günüň özünde tussag edilýär.

Ýerli çeşmeler şonda generalyň Milli howpsuzlyk gullugynda işleýän ogly Nurmyrat Rejebowyň hem tussag edilendigini, emma bir ýyl çemesi soň azatlyga goýberilendigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Ýokary sudy A.Rejebowy Jenaýat kodeksiniň alty maddasy boýunça günäli tapdy we 17 ýyl azatlykdan mahrum etmek hökümini çykardy diýip, “Memorial” merkeziniň habarynda aýdylýar.

Onuň parahorlykda, galplykda, gorkuzyp pul almakda, salgytdan gaçmakda, jenaýatçylyk toparyny döretmekde günäli tapylandygy aýdylýar.

Resmi türkmen metbugatynda adatça bu hili jenaýat işleri barada maglumat berilmeýär, emma rus metbugatynda käbir çaklamlar orta atyldy.

Hukuk goraýjy gurama general Rejebowyň suddan soň gizlin türmä geçirilendigini we halkara normalaryny we türkmen kanunçylygyny bozmak bilen, soňky 10 ýylyň dowamynda inkomminikada şertlerinde, daşarky dünýäden üzňelikde saklanandygyny belleýär.

Şeýle-de habarda A.Rejebowyň adynyň soňky döwürde “Olary diri görkeziň” atly halkara kampaniýasynyň materiallarynda ýatlanyp başlanandygy bellenýär.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy soňky 15 ýylda türkmen türmelerinde ýiten diýip hasaplanýan tussaglaryň ykbaly barada maglumat berilmegine çagyrýar.

A.Rejebowyň türkmen türmesinden ýogalyp çykan ozalky ýokary derejeli resmileriň ilkinjisi däldigini bellemek gerek.

Şu ýylyň maýynda “Türkmenstandartlarynyň” ozalky başlygy Baýram Hasanowyň türmede ýogalandygy belli boldy. Ol Berdimuhamedow prezident bolandan soň türmä basylyp, tussaglykdan öli çykan resmileriň birinjisi (bilinýän) hasaplanýar.

Hasanowdan öň, şu ýylyň ýanwarynda ozalky general, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ozalky serkerdesi Tirkiş Tyrmyýewiň jesedi garyndaşlaryna berildi.

Türkmen häkimiýetleri Tyrmyýewden öň “türkmen türmelerinde ýiten” hasaplanylýan tussaglaryň ikisiniň - Wekil Durdyýewiň we Annadurdy Annasähedowyň jesetlerini garyndaşlaryna jaýlamaga berdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Daşoguzdaky deslapky tussaghanada saklanýar
2021: Geçen ýylyň türkmen wakalaryna syn
Blogçy we raýat aktiwisti Jumasapar Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana iberildi
Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi
Şahyr Akmyrat Rejebow halkara terjime bäsleşiginiň baýragy bilen sylaglandy
TÄZE KITAPLAR
Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi