Palestinanyň Prezidenti Abbas Türkiýede Saparda Bolar

Palestinanyň Prezidenti Abbas Türkiýede Saparda Bolar

Paýtagt Ankara ertir möhüm duşuşyga ýer eýeçiligini eder.

Prezident R. T. Erdogan, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen paýtagt Ankarada duşuşar.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri meselesi duşuşygyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Ankara ilkinji nobatda Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygynyň bes edilmegini isleýär.

Prezident Erdoganyň Mahmud Abbas bilen geçirjek duşuşygynda, hüjümleriň bes edilmegi we Türkiýäniň hemaýatkärlik teklibi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Adalatly we yzygiderli parahatçylygyň ýeke-täk ýolunyň1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar İerusalim bolan garaşsyz we özygtyýarly Palestina döwletiniň gurulmagyndan geçýändigi nygtalar.

Duşuşykda, Gaza yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin ediljek tagallalar hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Palestina goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtar.

Ýene degişli makalalar

Blinken Bilen Abbas Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Putin Ýakyn Gündogar döwletleriniň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Abbas Gollandiýanyň we Awstraliýanyň Premýer-Minisreleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkiýe, Ysraýylyň Hassahana Guran Hüjümini Ýazgardy
Ysraýyl Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär
Prezident Erdogan Ysraýylyň Gazadaky hassahanany bombalamagyna reaksiýa bildirdi