“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumda 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ähli amatlyklary bolan 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.

Çärä Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan deputatlary üçin niýetlenendigini bellemeli. Munuň özi halkyň saýlan wekilleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň döredijilikli, netijeli zähmet çekmekleri üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygynyň beýanydyr.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabara gatnaşyjylar häzirki döwrüň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň eýýamyna öwrülendigini aýratyn buýsanç bilen nygtadylar.

Hormatly Arkadagymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny, şu gün hem ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenip geçilýändigini, şeýle toýly günlerde Diýarymyzyň dürli künjeginde ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik hem-de beýleki durmuş maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi.

Bu gün bolsa ak şäherimiz Aşgabadyň täze emele gelen we depginli ösýän ýaşaýyş toplumlarynyň biri bolan “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýurdumyzyň parlamentiniň agzalary üçin niýetlenen 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynyň geçirilýändigini aýtdy.

Soňra täze ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş etdi. Ol sözüniň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary Watanymyzyň mizemez esaslaryny, demokratik gurluşyny, milli döwletliligiň däplerini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, şunuň bilen birlikde, täze ýaşaýyş jaýynyň açylmagy bilen gutlady.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam edýän dabaranyň şatlyk-şowhuny has-da belende göterildi. Dabara gatnaşyjylar täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser edenleri tüýs ýürekden gutladylar. Göçüp gelen maşgala agzalary hemmeleri täze jaýlary görmäge we bagtyýar ojaklaryna myhman bolmaga çagyrdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar täze jaýyň otaglarynyň ýerleşdirilişi, olarda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş jaýynda döredilen amatlyklar bilen tanyşlygyň dowamynda Mejlisiň deputaty B.Hajymämmedowyň maşgalasynyň göçüp gelen öýüne bardy.

Gahryman Arkadagymyz täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalany goşa toý bilen gutlady we öýüň otaglarynyň ýerleşdirilişi, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, aşhanasynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi