Pikassonyň kartinasy satylar

Pablo Pikassonyň iň täsirli kartinalarynyň biri Nýu-Ýorkda auksiona çykarylar. “Sagatly zenan” atly kartina suratkeşiň iň naýbaşy eserleriniň biri hasaplanýar.Hünärmenleriň pikiriçe, eser 120 million dollara satylyp bilner.

Bu portret 1932-nji ýylda ýagly reňk bilen kendir matanyň ýüzüne çekilipdir.Onda fransuz modeli Mari-Terez Walter şekillendirilip, kartina suratkeşe başga-da birnäçe surat eserlerini döretmäge ylham beripdir. Şeýle hem, “Sotheby’s” auksionynda XIX we XX asyryň impressionistik suratkeşleriniň we häzirki zaman ussatlarynyň sungat eserleri görkeziler.

Ýene degişli makalalar

Pablo Pikassonyň meşhur eseri Nýu-Ýorkda satuwa çykarylar
Güýçli guraklyk sebäpli Titikaka köli gurady
Pikassonyň nakgaşlyk eseri 24,6 million dollara satyldy
Ispaniýaly Karrenýo-Busta Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal üçin oýunda Jokowiçi utdy
Tokiodan medalsyz gaýtdy
Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy