“Premier ligada” ilkinji gezek

Angliýanyň çempionatynda 10-njy tapgyryň merkezi duşuşygynda “Mançester Siti” myhmançylykda “Tottenhamdan” Mahreziň 6-njy minutdaky ýeke-täk goly esasynda üstün çykdy. “Liwerpul” Maneniň 2 gol geçiren oýnunda “Kardiff Sitini” 41 ýeňdi. “Çelsi” hem myhmançylykda “Bernliň” torundan jogapsyz 4 pökgi girizdi. “Arsenal” bolsa, 8 tapgyrdan soň, utuk ýitirdi.

London derbisinde myhmançylykda “Kristal Palas” bilen duşuşan “Arsenal” Miliwoýewiçiň 2 penalti goluna alaç tapyp bilmedi. “Arsenalyň” gollaryny Džaka bilen Obemeýang derwezä ýollady.Ilkinji 10 tapgyrdan soň, öňdebaryjy 3 topar ýeňlişsiz çempionlyk ýaryşyny dowam etdirýär. Şeýle waka “Premier liganyň” taryhynda ilkinji gezek bolýar.

Ýene degişli makalalar

120-nji möwsüme badalga berler
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Soňky 10 ýylda 11-nji gezek ýarym finalda
AFK Çempionlar Ligasy Elite: “Al Hilal”, “Al-Ahli”, “Gwanžu” toparlary 2-nji duşuşyklarynda-da ýeňiş gazandy
“Al-Ahli” “Mançester Sitiniň” ýyldyzyny transfer etdi