“Premýer” liganyň 28-nji möwsümi başlady

Russiýanyň “Premýer” ligasynyň täze 28-nji möwsümi düýn başlady.Howa şertleri sebäpli arakesmesi uzak dowam edýändigi üçin ir başlaýan çempionatda ýene-de 16 klub çykyş eder.

Toparlardan diňe “Rubin” tälimçisini täzeläp, kazanlylar Gurban Berdiýewiň ornuna Roman Şaronowy wezipä belledi. “Zenitiň” ýeňşi bilen tamamlanan çempionatyň bu möwsüminde-de çempionlygyň iň esasy dalaşgäri Sergeý Semagyň tälimçiligindäki Sankt-peterburglylar hasaplanýar.

Super kubogy eýelän “Lokomotiw”, şol sanda Moskwanyň SSKA, “Spartak” toparlary bilen bir hatarda, “Krasnodar” kluby-de öňdäki orunlaryň esasy dalaşgärleri bolarlar.Çempionatyň täze toparlary “Tambow” bilen “Soçi” klublary bolup, ikisi-de “Premýer” ligada ilkinji gezek çykyş ederler. “Ýeniseý” we “Anži” toparlary geçen möwsümde soňky orunlary eýeläp, 2-nji liga düşüpdiler. Çempionatdaky 16 toparyň 11-sine ýerli rus tälimçileri, şeýle-de Täjigistandan 2, Belarusdan, Ukrainadan hem-de Garadagdan 1 tälimçi toparlara tälim berer.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Raşid Rahymow Rubiniň baş tälimçisi boldy
Serdar Azmun “Zeniti” terk edýär
Azmunyň terjimeçisi: Serdar Berdiýewi ikinji kakasy hasaplaýar
Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy