Prezident Erdogan Saud Arabystanynda saparda boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Pars aýlagy ýurtlaryna guraýan saparynyň çägindäki ilkinji duralgasy Saud Arabystanynyň Jidda şäherine guran saparynda Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Dabaradan soň Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman Al Salam köşgünde ikiçäk we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşiklerden soň Türkiye bilen Sayd Arabystany Şalygynyň arasynda gönüden maýa goýum, goranyş senagaty, energetika, goranyş we aragatnaşyk ugurlarynda ylalaşyk resminamalaryna gol çekildi.

Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmana Türkiyäniň ilkinji ýerli awtoulagy Pamukkalanyň ak reňkindäki TOGG-y sowgat etdi.

Prezident Erdogan we Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman Al Salam köşgüniň howlusynda TOGG-a gözegçilik etdiler.

Erdogan myhmanhanasyna Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman tarapyndan ulanylan TOGG awtoulagy bilen gitdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Saud Arabystany Türkiye bilen baglaşylan ylalaşyklara ýokary baha berdi