Saud Arabystany Türkiye bilen baglaşylan ylalaşyklara ýokary baha berdi

Saud Arabystany Türkiye bilen baglaşylan ylalaşyklara ýokary baha berdi

Saud Arabystanynyň resmi habarlar gullugy SPA tarapyndan berilen habara görä, Jidda şäherindäki Salam köşgünde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisine Mirasdar Şazada Muhammed bin Selman ýolbaşçylyk etdi.

Maslahatyň başynda Mirasdar Şazada Muhammed bin Selman Ministrler kabinetiniň mejlisine Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren resmi gepleşikleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde ady agzalan gepleşikleriň netijesinde Saud Arabystany bilen Türkiye Respublikasynyň arasynda tapawutly ugurlar boýunça ençeme ylalaşyk resminamasyna gol çekilendigi beýan edildi.

Maslahatda Saud-Türk Maýa goýum gaznasynda tapawutly ugurlarda 9 ylalaşyk resminamasyna ýokary baha berildi.

Türkiye Respublikasy bilen Saud Arabystany Şalygynyň arasynda gönüden maýa goýum, goranyş senagaty, energetika, goranyş we aragatnaşyk ugurlary boýunça ylalaşyk resminamalaryna gol çekilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Prezident Erdogan Saud Arabystanynda saparda boldy
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)