Prezident Erdogan şehit bolan esgeriň maşgalasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan şehit bolan esgeriň maşgalasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabyndaky dikuçar heläkçiliginde şehit bolan Hakan Gülüň Amasýa welaýatynda ýaşaýan maşgalasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Amasýa welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, Adalat we ösüş partiýasynyň Izmir welaýatyndan deputaty Binali Ýyldyrym, Hakan Gülüň Amasýa welaýatynyň Dogantepe obasynda ýaşaýan maşgalasynyň öýüne baran mahaly, Prezident Erdogana jaň edip, maşgalasy bilen söhbetdeş boldy.

Şehit bolan esgeriň aýaly Fadime Gül bilen gürrüňdeş bolan Erdogan: "Gynanç bildirýäris, Alla sabyr bersin, şehit bolan harbymyzyň çagalary bize amanatdyr, nesip bolsa biz üstümize düşýän ähli zady ederis" diýip belledi.

Fadime Gül bolsa Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi.

Zyýarata Amasýa welaýatynyň gubernatory Mustafa Masatly we Adalat we ösüş partiýasynyň Amasýa welaýatynyň deputaty Lewent Karahojagil hem gatnaşdy.

5-nji martda Bingöl welaýatyndan Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabyna gitmek maksady bilen ýola çykan dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 11 harby şehit bolupdy, 2 esger bolsa ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Fidandan Lawrowa Ormuz bogazy bilen bagly ýüzlenme: "Howpsuz we üznüksiz geçiş möhümdir"
Daşary işler ministri Hakan Fidan Wladimir Putin bilen Kazanda duşuşdy
Prezident Erdogan Singapuryň Premýer-ministrini resmi dabara bilen garşylady
Fidan: Erdogan bilen Trampyň arasyndaky ýakyn gatnaşyk NATO-da dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy
Ministr Fidan Parižde geçiriljek Ukraina sammitine gatnaşar
Prezident Erdogan Gazagystanda resmi dabara bilen garşylandy