Resmi: Nagelsman Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Resmi: Nagelsman Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Ýulian Nagelsman futbol boýunça Germaniýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada Germaniýanyň Futbol bileleşigi habar berdi.

Gol çekilen şertnama laýyklykda, 36 ýaşly hünärmen bundestimi 2024-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli türgenleşdirer.

Nagelsman Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde beren ilkinji interwýusynda ähli ünsüni 2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionatyna jemlemek isleýändigini aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Nagelsman şu wagta çenli Bawariýa, Leýpsig we Hoffenhaým ýaly toparlara halypalyk etdi. Onuň soňky iş ýeri Mýunheniň Bawariýa topary (2021-2023-nji ýyllar) bolupdy.

Germaniýanyň milli ýygyndysy indiki oýnuny 14-nji oktýabrda geçirer. Şol gün Germaniýanyň we ABŞ-nyň milli ýygyndylary ýoldaşlyk duşuşygynda güýç synany’arlar.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi belli boldy
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Joma sport geýimleriniň brendi ähli harytlaryna 25% arzanladyş yglan edýär
“Milan” 24 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy