Ronaldo Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda 2020-nji ýylyň iň köp gol geçiren futbolçysy

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda 2020-nji ýylyň iň köp gol geçiren futbolçy “Ýuwentusyň” portugaliýaly ýyldyzy Kristiano Ronaldo boldy.Ol 33 gol geçirip, bu ugurda kalendar senenamasy boýunça 1-nji orny eýeledi.

Bu ugurda “Bawariýanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski ondan 1 gol az geçirip, 32 gol bilen 2-nji ýere mynasyp boldy. “Lasio toparynyň italiýaly hüjümçisi Çiro Immobile 28 gol geçirip, 3-nji ýeri eýeledi. “Liwerpulyň” müsürli ýyldyzy Mohammed Salah bilen “Borussiýa Dortmundyň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holland 23 gol geçirip, 4-5-nji ýerleri paýlaşdylar.

Penaltisiz hasaba alnanda Lewandowski 27 gol bilen sanawyň başyny çekýär. Holland 22, Ronaldo 20, Immobile 18, Salah hem-de Son Hyn Min 17 gol geçirdi.

The post Ronaldo Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda 2020-nji ýylyň iň köp gol geçiren futbolçysy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ronaldu Ýewropanyň iň gowy 5 ligasynyň iň gowy golçusy boldy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
“Serie A”-da möwsüm tamamlandy