Ronaldu karýerasynda geçiren gol sany boýunça dünýä rekordyny gaýtalady

Ronaldu karýerasynda geçiren gol sany boýunça dünýä rekordyny gaýtalady

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu karýerasynda geçiren gollarynyň sany boýunça dünýä rekordyny gaýtalady. A Seriýasynyň “Sassuolo” bilen geçirilen oýnunda ol 759-njy pökgüsini tora girizdi diýip, Regnum agentligi habar berýär.

Ronaldu çeh hüjümçisi Ýozef Bisanyň rekordyny gaýtalady.Bisan 1931-nji ýyldan 1955-nji ýyl aralygynda 759 gol geçirdi.Ronaldu bu görkezijä ýetmek üçin 1037 duşuşyk gerek boldy, Bisan bolsa 495 oýundy bu görkezijä ýetdi.

Ondan öň Ronaldu 812 resmi oýunda 757 gol salan braziliýaly hüjümçi Peleden öňe geçdi. Şeýle-de, Ronaldu 2006/07-möwsümden başlap, yzygider 15 möwsümiň dowamynda öňdebaryjy 5 ligada 15 ýa-da has köp pökgi geçiren taryhda ilkinji oýunçy boldy.

Belläp geçsek, “Ýuwentus” “Sassuolony” 3-1 hasabyna ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
“Ýuwentusdan” soň “Interi” hem ýeňdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Ýuwentus” Ýewropanyň çempionyny transfer etdi
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Ýewropa çempionatyna iň köp futbolçy ugradan klublar