Russiýada telefonlardan we telewizorlardan ýol gurlup başlandy

Russiýada telefonlardan we telewizorlardan ýol gurlup başlandy

Russiýada ýollary ykjam telefonlaryň we telewizorlaryň galyndylaryndan gurup başladylar. Bu barada ýurduň ekologik operatory tarapyndan işlenip düzülen harytlary gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalar albomynda aýdylýar diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Köne eltelefonlar we telewizorlar gymmatbaha metallary almakdan başga-da, ýol gurluşygy üçin ikinji çig maldyr diýip, ady tutulan edaranyň başlygy Denis Busaýew aýtdy. Ol Russiýada eltelefonlaryň we telewizorlaryň galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Täze taslama boýunça ýol örtügi üçin ykjam telefonlaryň plastiki daşlary we suwuk-kristal telewizorlaryň aýnalary ulanylýar. Olary ilki owradýarlar, gaýtadan işleýärler hem-de ýol-gurluşyk zawodlaryna ugradýarlar.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýa Russiýanyň käbir raýatlaryny sanksiýa sanawyna goşdy
Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi
Lukman Täze ýyl baýramynda nämäni ýatlamalydygyny maslahat berdi
Ukraina: "Söweş ýurduň infrastrukturasyna 700 milliard dollar ululygynda zyýan ýetirdi" diýdi
“Bosniýa-Gersogowinanyň NATO Agzalygyna Goldaw Berýäris”
Ukrainadaky dikuçar heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy