Russiýalylar kagyz kitaplary köp okap başladylar

Russiýalylar kagyz kitaplary köp okap başladylar

Russiýalylar kagyz kitaplary köp okap başladylar. Diňe 2023-nji ýylyň özünde çap kitaplaryň bazary pul aňladylmada 9 göterim ösüş görkezdi hem-de 87 milliard rubla deň boldy. Kagyz neşirleriň satuwlary hem 3 göterimden geçdi we 231 million birligi düzdi. Russiýanyň ýaşaýjylary kitaplary internet-dükanlar arkaly sargyt edýärler, emma kitaplaryň adaty satuwy welin, kemeldi diýip, Kommersant neşiri ýazýar.

Hünärmenler 2024-nji ýylda Russiýada kagyz kitaplaryň bazarynyň depgininiň pul ölçeginde 8 göterime çenli we birlik aňladylmada 1 göterim kemeljekdigini çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Spiegel: Şolsuň goňşulary zibil gutudan G7-ligiň gizlin resminamalaryny tapdylar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (38-nji bölüm)
Batbörek: kim, haçan oýlap tapdy?
Netflix Şa zenanyň ýörişi hem-de Kagyz jaý seriallarynyň esasynda oýunlary çykarar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (30-njy bölüm)
Kagyz ýaly eplenýän ekran